8 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan adam nähili bagtly!»
8 Реб тарапындан этмиши хасаба алынмаян адам нәхили багтлы!»
Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.
Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.