Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ine, ýagşy işleri etmese-de, Hudaý tarapyndan aklanan adamy Dawut hem bagtyýar saýyp, şeýle diýýär:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ине, ягшы ишлери этмесе-де, Худай тарапындан акланан адамы Давут хем багтыяр сайып, шейле диййәр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 4:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Bu bize, ýagny Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direlden Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanýanlara hem degişlidir.


Emma günäkärleri aklaýan Hudaýa iman edýän adam hiç iş etmese-de, iman edýändigi üçin Hudaýyň huzurynda aklanýandyr.


«Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!


Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ