Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 4:20 - Mukaddes Kitap

20 Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Худайың берен вадасына шүбхеленип, имансызлык этмеди. Терсине, иманда беркәп, Худайы шөхратландырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 4:20
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.


Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.


Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi.


Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ