Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 4:16 - Mukaddes Kitap

16-17 Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16-17 Шоңа гөрә-де, берлен ваданы иман аркалы алып боляндыр. Вада мерхеметли пешгеш болуп, Ыбрайымың тутуш неслине – диңе Мусаның Канунына эе боланлара дәл, эйсем Ыбрайым ялы иман эдйәнлериң барына дегишлидир. Мукаддес Язгыда Худайың Ыбрайыма: «Сени көп миллетлериң атасы этдим» дийши ялы, Ыбрайым Худайың назарында әхлимизиң атамыздыр. Себәби ол мерхумлары дирелдйән ве озал болмадык затлары бар эдйән Худая иман этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 4:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir.


Çünki Isa Mesih Hudaýyň sadyklygyny aýan edip, ata-babalara berlen wadanyň berjaý bolmagy üçin ýahudylaryň hyzmatkäri boldy.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ