Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Себәби бу Кануның бозулмагы Худайы газапландыряр. Эмма Кануның болмадык еринде Кануны бозмаклык-да ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 4:15
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler».


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!


Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler.


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Günä Kanun berilmänkä-de dünýäde bardy, ýöne Kanunyň bolmadyk ýerinde günä hasaba alynmaýar.


Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr.


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


Günä edýän adam Hudaýyň kanunyny bozýandyr. Sebäbi günä etmek Hudaýa baş galdyrmak ahyry.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ