Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 4:11 - Mukaddes Kitap

11 Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ыбрайым сүннетленмәнкә иман этди, сүннети болса иман аркалы алан акланмасының мөхүри хөкмүнде кабул этди. Шейдип, Ыбрайым сүннетсизликде иман эдип, догручыл хасапланан хер бир адамың атасы болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 4:11
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony: Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela


Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Meniň Rebdigimi bilmegiňiz üçin, bu Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolar“.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar.


Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir.


Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr.


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.


Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler.


Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.


Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.


Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama».


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.


Eger şeýle bolsa, haçan dogruçyl hasaplady? Sünnetlenmänkämi ýa-da sünnetlenenden soň? Ýok, soň däl-de, öň dogruçyl hasaplady!


Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Şoňa görä-de, şuny bilip goýuň: iman edenler Ybraýymyň hakyky neslidir.


Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ