Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Онда нәме, биз яхудылар бейлеки миллетлерден артыкмы? Асла артык дәлдирис! Яхудыларың-да, башга миллетлериң-де гүнәниң туссаглыгындадыгы барада өң айдыпдык ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?


Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.


Çünki Hudaý hemmelere merhemet etmek üçin, hemmeleri bitabynlygyň tussagy etdi.


Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Şeýlelikde, ýahudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetiň näme peýdasy bar?


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.


Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy?


Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.


Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ