Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Йөне бизиң бүтин нәдогрулыгымыз Худайың догрулыгыны хас әшгәр эдйән болса, муңа нәме диерис? Кәбир ынсанларың шейле дийип сорамагы мүмкин: эйсем Худай Өз газабыны башымыздан индеренде, биз бабатда адалатсызлык эдйәрмикә?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:5
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?


Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Ýöne meniň biwepalygym arkaly Hudaýyň sadyklygy has äşgär bolup, Onuň şöhraty artýan bolsa, men bir günäli hökmünde höküm edilmelimi näme?


Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris?


Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.


Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi?


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


Men muny diňe ynsan nukdaýnazaryndan aýtmaýaryn. Kanun hem bu babatda şeýle diýmeýärmi näme?


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Men kanunçylyk binasyny ýykdym. Indi ony gaýtadan dikeltsem, onda kanuny bozýandygymy özüm tassyklaýaryn.


Eý, doganlar! Men gündelik durmuşdan bir mysal getireýin: ynsanlaryň özara ylalaşyp baglaşan ähtini hiç kim bozup-da, oňa zat goşup-da bilmeýär.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ