Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:30 - Mukaddes Kitap

30 Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Себәби еке-тәк Худай бардыр. Ол сүннетлилери-де, сүннетсизлери-де иман аркалы аклаяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:30
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Biz adamyň Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, iman arkaly aklanýandygyny nygtaýarys.


Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.


Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady.


Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ