Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:29 - Mukaddes Kitap

29 Eýsem Hudaý diňe ýahudylaryň Hudaýymy? Ol başga milletleriň hem Hudaýy dälmi näme? Elbetde, Ol başga milletleriň hem Hudaýy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Эйсем Худай диңе яхудыларың Худайымы? Ол башга миллетлериң хем Худайы дәлми нәме? Элбетде, Ол башга миллетлериң хем Худайы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:29
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi.


Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ