Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:25 - Mukaddes Kitap

25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25-26 Худай Өз адалатыны гөркезмек үчин Иса Месихи иберип, Онуң дөкүлен ганы аркалы иман эдйәнлери Өзи билен ярашдырды. Худай озалкы дөвүрде эдилен гүнәлере гечиримлилик этди. Инди болса Иса Месихе иман эдйән хер кеси аклаяр. Шейдип, Ол Өзүниң адалатлыдыгыны субут эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:25
51 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi.


Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.


Surnaýyň, şahyň sesleri bilen Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň.


Reb Sionda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Şeýlelikde, bir adamyň günäsi zerarly hemmeleriň höküme duçar bolşy ýaly, bir Adamyň dogrulygy arkaly-da hemmelere ýaşaýyş berýän aklanma geldi.


Şoňa görä-de, Mesihiň gany bilen aklanan bolsak, Ol arkaly Hudaýyň gazabyndan gutuljagymyz hem gürrüňsizdir.


Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.


Gelmişekdiklerini boýun alýan adamlar özleriniň bir watan agtarýandyklaryny aýdyň görkezýärler.


Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Sandygyň gapagynyň üstünde şan-şöhrata beslenen keruplar bardy. Bu keruplar ganatlary bilen gapaga kölege salýardylar. Emma häzir bular barada jikme-jik gürrüň etmegiň wagty däl.


Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ