Rimliler 3:22 - Mukaddes Kitap22 Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur, အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап22 Иса Месихе иман эдйәнлериң әхлиси Худайың хузурында акланяндырлар. Адамларың арасында хич парх ёкдур, အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.
Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.