Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Биз Канунда айдылан затларың онуң табынлыгындакы адамлара дегишлидигини билйәрис. Йөне шонда-да, хич кимиң өз-өзүни акламага тутарыгы ёкдур, себәби Худайың хузурында хеммелер гүнәлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 3:19
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar.


Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.


Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.


Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.


Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.


Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi.


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin!


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Eý, Mukaddes Kanuna görä ýaşamakçy bolýanlar! Men şuny soramakçy: eýsem siz Töwratda ýazylany bilmeýäňizmi?


Bularyň bary Mukaddes Kanunyň guly bolup ýaşaýanlaryň azat bolmagy üçin, biziň-de ogullygyň ähli hukuklaryny alyp bilmegimiz üçin edildi.


Emma siz Mukaddes Ruha eýerýän bolsaňyz, Kanuna görä ýaşamaga borçly dälsiňiz.


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ