18 Olar Hudaýdan asla gorkmaýar».
18 Олар Худайдан асла горкмаяр».
Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.
Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.
Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.
Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.
Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň!
Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýär.
Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar.
Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»