13 Olaryň bogazy açyk gabyrdyr, olar aldaýandyrlar, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
13 Оларың богазы ачык габырдыр, олар алдаяндырлар, агызларында йылан зәхери бардыр.
Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma, meniň dilimi gora.
Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.
Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.
Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.
Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.
Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.
Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“.
Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
Şeraplary ýylan zäheridir, kepjebaşyň öldürýän awusydyr.