Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шол гүн Худай хер киме эден ишине гөрә гайтарар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar.


Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.


Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.


Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?


Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.


Duş geleni ýaralaýan kemançy nähili bolsa, akmagy, bir ötegçini hakyna tutýan hem şeýledir.


Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.


Men olary milletleriň arasyna dargatdym, olar keseki ýurtlara dargadyldylar; öz tutan ýollaryna we işlerine görä olara höküm çykardym.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Iýip-içmeklik baradaky ynançlaryňy diňe özüň we Hudaý bilsin. Öz ynanjyna görä hereket edip, öz-özüni ýazgarmaýan adam bagtlydyr.


Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


«Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ