Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сен шейле ишлери эдйәнлери язгармак билен, өзүң-де шейле этмейәрсиңми нәме? Хей-де шундан соң Худайың хөкүминден сыпарын өйдйәрмиң?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir».


«Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“ diýmäň dogry däl Eýýup!


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Olar ädimlerime duzak gurdular – gaýgydan ýaňa bilim büküldi. Olar öňümde çukur gazdylar – ýöne özleri oňa düşdüler.


Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.


Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.


Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?


Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“».


Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer.


Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.


Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi.


Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Biz şeýle iş edýänleriň Hudaýyň hökümine duçar boljakdygyny bilýäris. Bu höküm adalatlydyr.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ