Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:29 - Mukaddes Kitap

29 Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Ёк, көңли яхуды болан адам хакыкы яхудыдыр. Кануна гөрә дәл-де, Мукаддес Руха гөрә болан сүннет хакыкы сүннетдир. Хакыкы яхудының өвгүси адамлардан дәл-де, Худайдандыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:29
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr.


Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.


Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Şeýlelikde, ýahudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetiň näme peýdasy bar?


Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ