Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:28 - Mukaddes Kitap

28 Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Чүнки дашкы гөрнүши боюнча яхуды гөрүнйән хер кес яхуды дәлдир, тендәки хер сүннет-де хакыкы сүннет дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:28
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ