Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:27 - Mukaddes Kitap

27 Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Сүннетсиз болса-да, Кануның парзларыны берҗай эдйән адам сени язгармазмы? Себәби сен Мукаддес Язгылара эе болуп, сүннетли болсаң-да, Кануны бозярсың ахырын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:27
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.


Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.


Ýakynyny söýýän adam oňa ýamanlyk edýän däldir. Şeýdip, başgalary söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir.


Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?


Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.


Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ