Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:25 - Mukaddes Kitap

25 Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Хава, сен яхуды сүннет эдиленсиң, йөне сүннет диңе Кануның берҗай эдилен ягдайында әхмиетлидир. Эмма Кануны бозян болсаң, онда сениң сүннетиң сүннетсизлик билен дес-деңдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:25
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.


Sen özüňe berlen Kanuna buýsansaň-da, ony bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň.


Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Emma sünnetlenmäniň tarapdarlarynyň özleri-de Mukaddes Kanuny berjaý edýän däldir. Olar siziň sünnetlidigiňiz babatda magtanmak üçin, sizi sünnetletjek bolýarlar.


Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ