Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn.
Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.
Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.