Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Zyna etmezligi wagyz edip, näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenji saýýan bolsaň, näme üçin Öz Hudaýyňa garşy küpür gepleýärsiň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Зына этмезлиги вагыз эдип, нәме үчин зына эдйәрсиң? Бутлары йигренҗи сайян болсаң, нәме үчин Өз Худайыңа гаршы күпүр геплейәрсиң?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:22
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.


Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!


Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.


Bu adamlar ne buthana ogrusy, ne-de hudaýymyza dil ýetiripdirler, emma siz olary bu ýere getirdiňiz.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ