Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Biz şeýle iş edýänleriň Hudaýyň hökümine duçar boljakdygyny bilýäris. Bu höküm adalatlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Биз шейле иш эдйәнлериң Худайың хөкүмине дучар болҗакдыгыны билйәрис. Бу хөкүм адалатлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:2
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.


Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?


Ýöne ysraýyl halky: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär. Eý, ysraýyl halky, Meniň ýollarym dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?


Iýerusalimiň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, utanmany bilmeýär.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok!


Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ