Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Инди болса сен яхуды барада айтмакчы: сен өзүңи яхуды сайып, Мусаның Канунына бил баглаярсың, Худайы танаяндыгыңа буйсанярсың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:17
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Atanyň öňünde Men sizi aýyplaryn öýtmäň. Sizi öz umyt baglaýan Musaňyz aýyplaýandyr.


Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?»


Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler.


Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler.


Sen özüňe berlen Kanuna buýsansaň-da, ony bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler.


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Biz aslymyz boýunça ýahudydyrys, günäli saýylýan keseki milletlerden däldiris.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ