Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:16 - Mukaddes Kitap

16 Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Буларың хеммеси Худай адамларың яшырын ишлерини ве пикирлерини Иса Месих аркалы казылык этҗек гүнүнде аян болар. Буларың бары вагыз эдйән Хош Хабарымда беян эдилендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:16
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur.


Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.


Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!


Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Eý, doganlar, siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: meniň wagyz eden Hoş Habarym ynsandan däldir.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň wagyz edýän Hoş Habarymdyr.


Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir.


Emma dirileriň hem, ölüleriň hem üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa olar hasabat bererler.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ