Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Шейдип, эдйән ишлери аркалы Кануның парзларының өз йүреклерине языландыгыны мәлим эдйәрлер. Оларың выжданлары хем мунуң шейледигини тассыклаяр, себәби өз пикирлери олары кәте айыплаяр, кәте болса аклаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:15
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.


Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer.


Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.


Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.


Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Musanyň Kanuny ýahudy dällere berilmedi. Ýöne olar tebigy duýgurlygyna eýerip, bu Kanunyň talaplaryny berjaý edenlerinde, Kanuny bilmeseler-de, oňat we erbet işleri saýgarýandyklaryny görkezýärler.


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Kalby päkler üçin hemme zat päkdir, ýöne azgynlar we iman getirmedikler üçin ýekeje-de päk zat ýokdur. Olaryň aň-düşünjeleri-de, ynsaplary-da murdar bolandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ