Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Musanyň Kanuny ýahudy dällere berilmedi. Ýöne olar tebigy duýgurlygyna eýerip, bu Kanunyň talaplaryny berjaý edenlerinde, Kanuny bilmeseler-de, oňat we erbet işleri saýgarýandyklaryny görkezýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мусаның Кануны яхуды дәллере берилмеди. Йөне олар тебигы дуйгурлыгына эерип, бу Кануның талапларыны берҗай эденлеринде, Кануны билмеселер-де, оңат ве эрбет ишлери сайгаряндыкларыны гөркезйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir.


Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Ýahudy däller Musanyň Kanuny barada bilmeýärler. Emma olar hem Hudaýyň buýruklaryny bozsalar, ölerler. Ýahudylar bolsa Musanyň Kanunyny bilýärler. Şoňa görä-de, olar eden günäleri üçin bu Kanuna laýyklykda höküm ediler.


Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme?


Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesihiň buýruklaryna tabyndyryn.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda. Şeýle Hudaýly beýik millet nirede bar?


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ