Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Худайың хузурында Мусаның Кануныны диңлейәнлер дәл-де, оны берҗай эдйәнлер акланяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:13
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».


Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar».


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr.


Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir.


Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.


Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.


«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


Şonuň üçin hem, eý, ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesihiň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ