Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, башгалары язгарян ынсан! Сен ким болсаң-да, шейле этмәге асла хакың ёкдур. Сен башгалары язгармак билен, өз-өзүңи язгарянсың. Себәби сен өзүң-де шейле гүнәли ишлери эдйәрсиң-ә!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 2:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.


Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?


Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.


Iýip-içmeklik baradaky ynançlaryňy diňe özüň we Hudaý bilsin. Öz ynanjyna görä hereket edip, öz-özüni ýazgarmaýan adam bagtlydyr.


Biz şeýle iş edýänleriň Hudaýyň hökümine duçar boljakdygyny bilýäris. Bu höküm adalatlydyr.


Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny bileňokmy?


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ