Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 16:5 - Mukaddes Kitap

5 Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesihe iman etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Оларың өйүнде йыгнанян йыгнага-да салам айдың. Эзиз достум Эпенете хем салам айдың; ол Азия велаятындакыларың арасында илкинҗи болуп Иса Месихе иман этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 16:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Apollo Ahaýa gitmegi ýüregine düwdi. Efesdäki doganlar ol ýerdäki şägirtlere ony oňat garşy almaklaryny sorap, hat ýazdylar. Apollo Ahaýa gelip, Hudaýyň merhemeti bilen iman edenlere uly kömek etdi.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Reb üçin arman-ýadaman zähmet çekýän aýal doganlarymyz Trufaýyna we Trufosa salam aýdyň. Reb üçin köp zähmet çekýän eziz aýal doganymyz Perse hem salam aýdyň.


Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar.


Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme salam aýdyň.


Reb arkaly eziz dostum bolan Ompliýata salam aýdyň.


Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:


Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.


Laodikiýadaky doganlara, Nimfa uýamyza we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ