Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар мениң үчин өз җанларыны ховп астына салдылар; олара диңе мен дәл, башга миллетлерден болан йыгнаклар хем миннетдардырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 16:4
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.


Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.


Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Priska we Akila salam aýdyň.


Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesihe iman etdi.


Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal.


Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.


Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.


Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ýeşuwa ähli ysraýyllary çagyryp, özi bilen bile söweşen goşun ýolbaşçylaryna: «Öňe çykyň we aýaklaryňyzy bu hanlaryň boýnuna goýuň!» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ