Ol sinagogada gaýduwsyzlyk bilen geplemäge başlady. Priskilla bilen Akila Apollonyň wagzyny eşidenlerinde, ony öz öýlerine çagyryp, oňa Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler.
Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler.
Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.
Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär.
Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.