27 Dana we ýeke-täk Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!
27 Дана ве еке-тәк Худая Иса Месих аркалы бакы шан-шөхрат болсун! Омын!
Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.
Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.
Atamyz Hudaýa ebedi we baky şöhrat bolsun! Omyn.
Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.
Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.
Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!
Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.
Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.
Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.