Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Оны Реббимизиң хакы үчин, иманлылара гелишйән тәрде мыхман алың, әхли мәтәчликлеринде көмек бериң. Чүнки ол көплере, шол санда маңа-да энчеме гезек көмек этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 16:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň.


Filologa, Ýuliýa, Olimpa, Nereýe, onuň aýal doganyna we olaryň ýanyndaky Hudaý halkynyň baryna salam aýdyň.


Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.


Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme salam aýdyň.


Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Urbana, eziz dostum Ystaha salam aýdyň.


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Ony Rebdäki doganyňyz hökmünde uly şatlyk bilen garşylaň. Onuň ýaly adamlary hormatlaň.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.


Goý, Reb kyýamat güni oňa Öz rehimdarlygyny görkezsin! Onuň Efesde maňa nähili ýardam berendigini özüň-de bilýänsiň.


Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.


Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn.


Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.


Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ