Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 15:5 - Mukaddes Kitap

5-6 Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5-6 Иса Месихе эерип, Онуң Атасы болан Худайымызы бир йүрекден ве бирагыздан шөхратландырып билериңиз ялы, гой, сабырлылыгың ве теселлиниң гөзбашы болан Худай сизе агзыбирлик берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 15:5
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.


Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.


Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Sebäbi «Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi» diýip ýazylyşy ýaly, hatda Isa Mesihhem Öz göwnünden turjak bolan däldir.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


meniň begenjimiň üstüni ýetiriň: pikirdeş boluň, biri-biriňizi söýüň, ruhuňyz we maksadyňyz bir bolsun.


Biz saýlan ýolumyz bilen öňe tarap gitmeli.


Men Ewodiýa-da, Sintihä-de ýalbarýaryn: Rebbiň hatyrasyna ylalaşykly boluň.


Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ