Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 15:31 - Mukaddes Kitap

31 Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Хава, Яхудыядакы имансызларың маңа зыян етирмезлиги үчин, Худайың шол ердәки халкы тарапындан Иерусалимдәки хызматымың кабул эдилмеги үчин Худая дога-дилег эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 15:31
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda müňbaşy Pawlusyň gala äkidilmegini buýurdy. Halkyň näme üçin onuň üstüne gygyrýandygyny bilmek üçin, ony gamçylap, soraga çekilmegini isledi.


Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.


Festus şeýle diýdi: «Eý, patyşa Agrip we bu ýerdäki ähli jenaplar! Siz bu adamy görýäňizmi? Iýerusalimdäki we bu ýerdäki ähli ýahudylar onuň üstünden maňa şikaýat edip: „Ol mundan artyk ýaşamaly däl!“ diýip gygyryşdylar.


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Häzir bolsa Hudaýyň halkyna hyzmat etmek üçin Iýerusalime barýaryn,


Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:


Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar.


Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok.


Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.


Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.


Zalym, ýaman adamlardan gutulyp bilmegimiz üçin-de doga-dileg ediň. Çünki Rebbe adamlaryň hemmesi ynanýan däldir.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ