Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 15:2 - Mukaddes Kitap

2 Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бизиң хер биримиз өз якынының иманыны гүйчлендирҗек затларың пикирини эдип, онуң гөвнүнден турмалыдырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 15:2
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.


Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ