Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 15:19 - Mukaddes Kitap

19 alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 аламатлар, мугҗызалар ве Мукаддес Рухуң гүйҗи аркалы амал этди. Шейлеликде, мен Иерусалимден Иллирия велаятына ченли айланып, Иса Месих барадакы Хош Хабары долы яйратдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 15:19
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Şonda Pawlus gaty ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem towsup turdy-da, ýöräp başlady.


Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ýerinden turup, şähere gaýtdy. Ertesi gün ol Barnap bilen Derbä tarap ýola düşdi.


Perga şäherinde Isa hakynda wagyz edenlerinden soň, Attaliýa gitdiler.


Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Pawlusy ugradýanlar ony Afina çenli getirdiler. Olar Pawlusdan: «Silas bilen Timoteos tizden-tiz meniň ýanyma gelsinler» diýen buýrugy alansoňlar, Beriýa şäherine dolanyp geldiler.


Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ