Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ким хайсыдыр бир гүни ваҗып сайян болса, муны Реб үчин сайяндыр. Ким хемме зады иййән болса, Реб үчин иййәндир, себәби ол иййән затлары үчин Худая шүкүр эдйәндир. Ким кәбир затлары иймейән болса, Реббиң хатырасы үчин иймән, Худая шүкүр эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:6
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.


Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.


Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Ondan: «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip soradylar.


Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ