Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:4 - Mukaddes Kitap

4 Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Башга бириниң хызматкәрини язгарар ялы сен киммишиң?! Хызматкәриң өзүне буйруланлары берҗай эдип-этмәндигини диңе онуң хоҗайыны кесгитлейәндир. Йөне хызматкәр өзүне буйруланлары берҗай эдип билер, себәби онуң хоҗайыны Ребдир, Ол хызматкәрини кувватландырмагы башаряндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ölüm tanaplary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.


Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime, goý, begenmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».


Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,


Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?»


Ýöne ýoldan çykanlar hem imansyzlyklaryndan el göterseler, täzeden sapylarlar. Sebäbi Hudaý olary baga sapmagy başarýandyr.


Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ