Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:3 - Mukaddes Kitap

3 Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ислендик тагамы ийип билйән иманлы иймейән иманла әсгермезлик этмесин; иймейән-де хемме зады иййәни язгармасын, себәби Худай оны кабул эдендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar.


Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi:


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi.


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Hawa, Hudaý ysraýyl halkyny ret etdi. Onuň şeýle etmegi beýleki milletleriň hem Hudaý bilen ýaraşmagyna mümkinçilik berdi. Eger Hudaýyň ret etmesi beýleki halklara şeýle ýalkanyş getiren bolsa, onda Onuň ysraýyl halkyny gaýtadan kabul etmegi nämä ýetirer? Ölümden ýaşaýşa ýetirer!


Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.


Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme?


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ