Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:22 - Mukaddes Kitap

22 Iýip-içmeklik baradaky ynançlaryňy diňe özüň we Hudaý bilsin. Öz ynanjyna görä hereket edip, öz-özüni ýazgarmaýan adam bagtlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ийип-ичмеклик барадакы ынанчларыңы диңе өзүң ве Худай билсин. Өз ынанҗына гөрә херекет эдип, өз-өзүни язгармаян адам багтлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:22
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir.


Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir.


Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp saýýandyr, käbirleri bolsa hemme günleri deň görýändir. Goý, mundan beýlägem her kim öz ynanjyna görä pikir edibersin.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Men öz edýänlerime özüm düşünemok, sebäbi halaýan zadymy etmän, ýigrenýän zadymy edýärin.


Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder?


Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.


Mähribanlarym, eger wyždanymyz bizi ýazgarmasa, onda Hudaýyň huzurynda ynamly bolarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ