Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мысал үчин, кәбирлериң иманы хемме зады иймәге ыгтыяр этсе, кәбирлериңки диңе гөк өнүмлери иймәге ыгтыяр эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar.


Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin.


Ýigrenç bilen iýlen göle etinden, söýgi bilen iýlen bulamak gowudyr.


«Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin.


Şeýdip, sakçy olaryň köşk saçagyndan iýmeli naharyny, içmeli şerabyny özüne alyp galyp, olara diňe gök-önümler berdi.


Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir.


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.


Petrus Ýakubyň iberen adamlary gelmezden ozal, keseki milletler bilen bir saçak başynda iýip-içýärdi. Emma şol adamlar gelende, Petrus sünnet edilmegi ündeýänlerden gorkup, keseki milletlerden çetleşip, olar bilen gatnaşygy kesdi.


Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir.


Kalby päkler üçin hemme zat päkdir, ýöne azgynlar we iman getirmedikler üçin ýekeje-de päk zat ýokdur. Olaryň aň-düşünjeleri-de, ynsaplary-da murdar bolandyr.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ