Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:15 - Mukaddes Kitap

15 Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эгер сен доганыңы ынҗыдайҗак зады иййән болсаң, онда оны сөймедигиңдир. Иййән тагамың зерарлы өз доганыңың иманыны вейран этме, Иса Месих онуң угрунда өлди ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:15
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly, onuň goluna kuwwat berdiňiz.


Ýakynyny söýýän adam oňa ýamanlyk edýän däldir. Şeýdip, başgalary söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir.


Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir.


Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ