Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:11 - Mukaddes Kitap

11 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Чүнки Мукаддес Язгыларда шейле язылгыдыр: «Реб: „Өз барлыгымдан ант ичйәрин, хер кес өңүмде дыз эпер, хер бир дил Мени алкышлар“ диййәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:11
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:


Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.


Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.


Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň.


Hawa, Isa Mesih muny ýahudy dälleriň hem Hudaýy Onuň merhemeti üçin şöhratlandyrsynlar diýip etdi. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn».


Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän her bir adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ