Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:10 - Mukaddes Kitap

10 Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Онда нәме үчин кәбирлериңиз өз доганыңызы язгарярсыңыз? Нәме үчин кәбирлериңиз өз доганыңыза әсгермезлик эдйәрсиңиз? Бизиң барымыз Худайың хөкүм күрсүсиниң өңүнде дурмалы дәлми нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.


Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi:


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr.


Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: „Siz ussalaryň ret eden bu daşy binanyň burç daşy boldy“.


Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ