Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 14:1 - Mukaddes Kitap

1 Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иманы говшагы онуң гарайышлары барада җеделлешмезден кабул эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 14:1
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, sen köplere tälim berdiň, ejizlere medet berdiň.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz.


Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.


Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez.


Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi.


Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Hawa, Hudaý ysraýyl halkyny ret etdi. Onuň şeýle etmegi beýleki milletleriň hem Hudaý bilen ýaraşmagyna mümkinçilik berdi. Eger Hudaýyň ret etmesi beýleki halklara şeýle ýalkanyş getiren bolsa, onda Onuň ysraýyl halkyny gaýtadan kabul etmegi nämä ýetirer? Ölümden ýaşaýşa ýetirer!


Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir.


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň.


Ol ýaşynyň ýüze golaýlap, bilinde kuwwatynyň galmandygyna, Saranyň önelgesizdigine garamazdan, imanynda gowşamady.


Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.


Ony Rebdäki doganyňyz hökmünde uly şatlyk bilen garşylaň. Onuň ýaly adamlary hormatlaň.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ