Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 13:7 - Mukaddes Kitap

7 Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шоңа гөрә-де, хер кесе берилмелисини: салгыт болса – салгыды, гүмрүк болса – гүмрүги, горкы болса – горкыны, хормат болса – хорматы бериң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 13:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.


Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.


Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.


Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler.


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Hudaýyň adyna we öwredýän taglymatymyza dil ýetmez ýaly, gulçulyk boýuntyrygy astyndakylaryň bary öz hojaýynlaryny hormata mynasyp saýsyn.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ