Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Себәби хәкимиет ёлбашчысы сениң ягшылыгың үчин Худайың хызматкәридир. Яман иш эдйән болсаң, хәкимиет ёлбашчысындан горк, себәби ол гылыҗы йөне ере гөтерйән дәлдир. Ол Худайың хызматкәридир, яман иш эдени җезаландырып, Худайың газабыны онуң үстүнден индерйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 13:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Ýehoşapat kazylara şeýle diýdi: «Işiňize ünsli boluň! Çünki siz ynsanlaryň adyndan däl-de, Rebbiň adyndan höküm çykarýansyňyz. Reb höküm işinde siziň bilendir.


Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.


Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.


Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr.


Bu galalar ähli ysraýyllar we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin gaçybatalga hökmünde bellenildi. Adamy tötänlikde öldüren ganhor şol galalara gaçyp baryp, ondan ar almakçy bolýan hossarlardan başyny gutaryp biler. Jemagat maslahatlaşyp, adalatly höküm çykarýança, ol ganhor şol galada howpsuzlykda ýaşap biler.


ýa-da onuň bellän emeldarlary bolsun, tapawudy ýok, olara tabyn boluň. Patyşa öz emeldarlaryny ýamanlyk edenleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edenleri taryplamaga belledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ